Psalms 69
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.2Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
3Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
4Maňa «haý, haý!» diýýänler,
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
5Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Hudaý beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
6Men bolsa garyp we mätäç,
ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, ýa meniň Rebbim!
Copyright information for
TukLat16