Psalms 70
1Ýa Reb, men Seni pena edinýärin,meni hiç haçan utanja goýma.
2dogrulygyň bilen meni halas et, azat et,
maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma.
3Elmydama meni gizläp biläýjek,
mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol.
Halas bolmagymy Sen emr etdiň,
çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.
4Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden,
adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.
5Çünki, eý, Hökmürowan Reb, umydym Sensiň,
ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
6Dünýä inenimden Saňa daýandym,
Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň;
men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.
7Men köplere täsinlik bolup göründim,
emma Sen mäkäm penamsyň.
8Saňa bolan alkyş düşmez dilimden,
uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.
9Garrylyk çagymda meni taşlama,
kuwwatdan düşenimde meni terk etme.
10Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär,
janymy aňtap, özara dil birikdirýär.
11Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady,
kowalap, tutuň siz ony.
Ony halas etjek ýok indi».
12Eý, Hudaý, menden daşlaşma,
eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.
13Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin,
maňa ýamanlygy niýet edýänler
utanç bilen betnamlyga bürelsin.
14Men bolsa hemişe umyt baglaryn,
Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.
15Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy
hem-de halas etmek üçin edýänleriňi;
olaryň sany akyl ýetirerden kän.
16Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin,
Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.
17Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň,
men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
18Jar edýänçäm geljek nesle güýç-kuwwatyňy,
indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi,
garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.
19Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär,
Sen berjaý etdiň ägirt işleri.
Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?
20Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň,
ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň,
ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.
21Beýgeldersiň meniň at-abraýymy,
kalbyma berersiň Sen rahatlygy.
22Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin.
Eý, Ysraýyl Mukaddesi, lirada Saňa alkyş aýdaryn.
23Men Saňa nagma aýdanymda,
dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.
24Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar,
çünki maňa ýamanlygy niýet edenler
masgara bolup, utanja galdy.
Copyright information for
TukLat16