‏ Psalms 74

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.
2Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris,
Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris,
Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys
Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu jümle käbir golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler diýip duş gelýär.
.
3Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende,
ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
4Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda,
Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
5Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän,
erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
6Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň,
ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
7Çünki ýeňiş ne gündogardan,
ne günbatardan, ne-de çöldendir.
8Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr,
birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
9Çünki käse Rebbiň elinde,
ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly.
Reb gazaby we şeraby käseden guýar:
ýer ýüzüniň ähli erbetleri,
ony löderesine çenli içerler.
10Men bolsa elmydama beýan ederin,
Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
11Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar,
dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.
Copyright information for TukLat16