Psalms 76
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.2Men Hudaýa perýat edýärin,
meni eşideri ýaly perýat edýärin.
3Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn,
gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin,
meniň janym tesellini kabul etmeýär.
4Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin,
Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
5Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň,
ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
6Gadymy günler, köne döwür barada
oýa batýaryn.
7Ýatlaýaryn,
gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin
oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
8Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi?
Indi menden asla razy bolmazmy?
9Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi?
Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
10Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy?
Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
11Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar –
bu meni lapykeç edýär».
12Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn,
Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
13Ähli işleriň barada pikir ederin,
Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
14Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý,
Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
15Sen gudratlary edýän Hudaýsyň,
Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
16Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy:
Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
17Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler,
Seni görenlerinde heder etdiler,
düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
18Bulutlar ýagmyr dökdüler,
gökler gübürdediler,
peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
19Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy,
ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy,
ýer titräp, lerzana geldi.
20Seniň ýoluň deňiz içredi,
Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi,
emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
21Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň,
olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.
Copyright information for
TukLat16