‏ Psalms 80

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.
2Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň,
Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.
3Mukama başlaň:
deprek, hoş owazly lirany, arfany çalyň.
4Täze Aý, dolan Aý wagtynda,
baýram günümizde surnaýlar çalyň.
5Çünki bu – Ysraýylyň parzlary,
Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.
6 Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda,
Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi.
Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
7«Men gerşiňi dyndyrdym ýükden,
seniň elleriň halas boldy sebetden.
8Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim,
gök gürrüldisinden Men jogap berdim.
Meribanyň boýunda seni synadym. Sela
9Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni:
eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!
10Ýat hudaý araňyzda bolmasyn,
keseki hudaýa sežde etmegin.
11Men – Reb, seniň Hudaýyň,
çykardym Men seni Müsür ýurdundan.
Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.
12Emma halkym sesime gulak asmady,
Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.
13Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip,
Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.
14Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady!
Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!
15Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny,
duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.
16Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi,
kysmatlary ebedi dowam ederdi.
17Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim,
gaýadan akan bal bilen ony doýrardym».
Copyright information for TukLat16