‏ Psalms 81

Asafyň mezmury

1Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip,
ylahy barlyklaryň
Ylahy barlyklar – sözme-söz terjime: hudaýlar.
arasynda kazylyk edýär.
2Hudaý şeýle diýýär:
«Haçana dek adalatsyz kazylyk edip,
siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny,
goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4Halas ediň ejiz bilen mätäji,
erbetleriň golundan azat ediň olary.
5Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz,
siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz,
ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz,
Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz,
şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne
çünki Seniňkidir ähli milletler.
Copyright information for TukLat16