‏ Psalms 84

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň,
Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.
3Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň,
onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
4Ähli gazabyňy Sen jylawladyň,
ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
5Eý, bizi halas eýleýän Hudaý,
bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar,
bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.
6Sen gaharlanjakmy bize ebedi?
Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
7Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly,
Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
8Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez,
Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
9Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny.
Ol halkynyň, sadyklarynyň
gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly,
olara wada berýär parahatlygy.
10Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly,
Ol Özünden gorkýanlary
dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
11Söýgi bilen wepadarlyk birleşer,
dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
12Wepadarlyk ýerden gögerer,
dogrulyk-da asmandan garar.
13Hawa, Reb ýagşy zatlary berer,
topragymyz öz hasylyny eçiler.
14Dogrulyk Onuň öňünden ýörär,
Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.
Copyright information for TukLat16