Psalms 86
1Koranyň nesillerine. Mezmur. Nagma.2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr.
Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini,
aýratyn-da Sionyň derwezelerini.
3Eý, Hudaý şäheri!
Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4Reb şeýle diýýär:
«Özümi tanaýanlaryň ýanynda
Men Rahaby ▼
▼Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Bu ýerde Müsür diýen manyda gelýär. Sözlüge seret.
we Babyly agzaýyn,Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn;
Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».
5 Sion babatda şeýle aýdylar:
«Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan».
Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip,
halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7«Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip,
bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar.
Copyright information for
TukLat16