‏ Psalms 90

1Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan
Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
2 Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm,
meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
3Ol halas eder seni awçyň torundan
hem-de heläkleýji mergiden.
4Ol perleri bilen seni basyrar;
ganatlarynyň astynda pena taparsyň,
Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
5Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan
ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
6tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden
ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
7Gapdalyňda müň adam,
sagyňda on müň adam ýykylar,
emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
8Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň,
erbetleriň jezalaryny görersiň.
9Çünki sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip,
Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
10Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz,
bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
11Seni ähli ýollaryňda goramak üçin,
perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
12Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar seni ellerinde göterer.
13Arslany, ýylany sen depgilärsiň,
ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
14Reb diýýär:
«Meni söýýänleri halas ederin,
adymy bilýänlere pena bolaryn.
15Meni çagyranlarynda jogap bererin.
Muşakgatlarda olar bilen bolaryn,
azat edip, şan-şöhrata beslärin.
16Olara uzak ömür bagyş ederin
olara halas edişimi Men görkezerin».
Copyright information for TukLat16