‏ Psalms 91

1 Mezmur. Sabat güni üçin nagma.
2Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek,
ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
3 4On kirişli guralda we arfada,
lirada mukamlar çalyp,
gije-gündiz söýgiňi,
wepadarlygyňy beýan eýlemek!
5Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň,
elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
6Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň!
Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
7Kemakyl adam muny bilmeýär,
akmak muňa hiç düşünmeýär.
8Emma erbetler ot deý gögerseler-de,
betkärler gülleseler-de,
olar baky weýrançylyga höküm edilen.
9Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
10Ine, ýa Reb, duşmanlaryň,
Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler,
ine, ähli betkärler dargadylarlar.
11Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň,
başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.
12Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim,
maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny
eşitdi meniň gulagym.
13Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar,
Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
14Olar ekilendir Rebbiň öýünde,
gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
15Olar garrasa-da, miwe getirýärler,
elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
16Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam,
Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.
Copyright information for TukLat16