‏ Psalms 95

1Rebbe täze nagma aýdyň,
Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
2Rebbe nagma aýdyň,
Onuň adyna alkyşlar okaň,
halas edýändigini günsaýyn buşlaň.
3 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny,
ähli halklara – gudratly işlerini.
4Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp,
biziň seždämize diňe Ol laýyk.
Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
5Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur,
emma gökleri Reb ýaradandyr.
6Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat,
Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.
7Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň,
Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň.
8Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň,
gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.
9Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň,
eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
10 Milletler arasynda siz şuny aýdyň:
«Reb – Patyşa!
Berk berkarar edildi dünýä,
ol sarsmaz asla.
Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».
11Goý, gökler begensin,
ýer hem şatlansyn.
Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
12Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde
13nagmalar aýdar, çünki Ol gelýär;
Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
Ol dünýä dogrulyk bilen,
halklara Öz wepadarlygy bilen kazylyk eder.
Copyright information for TukLat16