Psalms 104
1Rebbe şükür ediň we sežde ediň,halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
2Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň,
ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
3Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň;
Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
4Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň,
dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
5– 6Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady,
Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny,
mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
7Ol – Hudaýymyz Reb,
Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
8– 9Ol ähtini, müň nesle beren sözüni,
Ybraýym bilen eden ähtini,
Yshaga beren Öz wadasyny
elmydama ýatda saklaýar.
10– 11Diýdi: «Men size Kengan ýurduny,
mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde,
Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
12Şonda olar az sanlydylar,
gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
13Geçýärdiler bir milletden başga millete,
bir şalykdan – başga şalyga.
14Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi,
şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
15Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň,
pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
16Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi,
Onuň ähli azygyny weýran eýledi.
17Öňlerinden bir adamy ýollady:
Ýusup gul edilip satyldy.
18Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy,
boýny demir halka salyndy.
19Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança,
Onuň sözi Ýusuby synap barlady.
20Patyşa adam iberip, ony boşatdy,
halklaryň hökümdary ony azat eýledi.
21– 22Oňa emeldarlarynyň üstünden ygtyýar berip,
ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip,
Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi,
tutuş mülküne hökümdar goýdy.
23Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi,
Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
24Reb Öz halkyny juda köpeltdi,
olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
25Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip,
duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.
26Reb olaryň arasyna bendesi Musany
we seçip-saýlan Harunyny ýollady.
27Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny,
Ham ýurdunda – gudratlaryny.
28Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy,
Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.
29Ol olaryň suwuny gana öwürdi.
Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.
30Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da,
gurbagalardan dos-doly boldy.
31Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi,
çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
32Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy,
tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.
33Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy,
ýurtlaryndaky agaçlary çym-pytrak etdi.
34Ol buýurdy: çekirtgeler,
san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler
hüjüm eýledi.
35Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi,
topragynyň hasylyny ýuwutdy.
36Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary –
bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.
37Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy,
olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.
38Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi,
çünki olar zerarly üstlerine howp-hatar abandy.
39Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy,
gije yşyk bersin diýip – alawy.
40Dilediler, Ol bedene iberdi,
gögüň çöregini bolelin berdi.
41Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy,
ol çölüstanlykda derýa deý akdy.
42Çünki Öz bendesi Ybraýyma
beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.
43Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny,
nagma bilen çykardy seçip-saýlanlaryny.
44– 45Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly,
Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly,
başga milletleriň ýurduny olara berdi.
Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Copyright information for
TukLat16