‏ Psalms 108

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury
Dymma, eý, senamyň Hudaýy!
2Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp,
ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.
3Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar,
sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.
4Men olar üçin doga-dileg edýärin,
olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.
5Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär,
söýgime derek meni ýigrenýär.
6Olar şeýle diýýär:
«Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn,
garalawjy onuň sagynda dursun.
7Işine garalanda, aýyply çyksyn,
onuň doga-dilegi günä saýylsyn.
8Onuň günleri sanlyja bolsun,
başga onuň ornuny alsyn.
9Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun,
aýaly hem dul bolup galsyn.
10Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin,
harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.
11Süýthor onuň bar zadyny garbasyn,
agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.
12Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin,
ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.
13Goý, onuň nesli kesilsin,
geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.
14Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde,
goý, ýatlanylsyn,
ejesiniň ýazygy öçürilmesin!
15Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun,
ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.
16Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady,
gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny
öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.
17Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin,
ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady,
goý, oňa-da hiç kim ýagşylygy arzuw etmesin!
18Ol gargyşy don edip geýdi:
goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine,
ýag kimin – onuň süýeklerine.
19Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn,
günde guşanýan guşagy bolsun».

20Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň,
janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty
şular deý bolsun.
21Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb,
meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna
Sadyk söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.
22Çünki men garyp we mätäçdirin,
ezýet çekýär meniň ýüregim.
23Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin,
olar meni çekirtge deý kakýarlar.
24 Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy,
göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.
25Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki,
meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.
26Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et,
Öz sadyk söýgiň hatyrasyna meni halas et.
27Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny,
ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.
28Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň!
Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar,
Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.
29Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin,
goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.
30Men Rebbe köp şükür etjek,
uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.
31Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar,
ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.
Copyright information for TukLat16