Psalms 110
1Rebbe şan-şöhrat bolsun!Alef Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda
Bet tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.
Gimel 2Beýikdir Rebbiň işleri,
Dalet olary agtarýar bar muşdaklary.
He 3Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly,
Waw Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.
Zaýin 4Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi,
Ḥet Reb merhemetli hem-de rehimli.
Ṭet 5Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly,
Ýod eden ähti ýadyndadyr müdimi.
Kaf 6Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi:
Lamed milletleriň mirasyny olara berdi.
Mem 7Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly,
Nun Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.
Sameh 8Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy,
Ğaýin wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary.
Pe 9Reb Öz halkyny halas eýledi,
Tsadi Öz ähtini baky buýurdy;
Onuň ady mukaddes hem-de wehimli.
Reş 10Rebden gorkmak – danalyk başy,
Şin muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry.
Taw Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.
Copyright information for
TukLat16