‏ Psalms 111

1Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Alef Rebden gorkýan,
Bet buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!
Gimel 2Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar,
Dalet dogrularyň nesli bereket tapar.
He 3Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar,
Waw dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.
Zaýin 4Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar,
Ḥet ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.
Ṭet 5Jomart, karz berýän ynsan gowudyr,
Ýod ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.
Kaf 6Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz,
Lamed müdimilik ol unudylmaz.
Mem 7Ol şum habardan gorkmaz,
Nun Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.
Sameh 8Onuň ýüregi mäkäm,
Ğaýin ol asla eýmenmez,
iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.
Pe 9Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi,
Tsadi onuň dogrulygy dowam eder ebedi,
at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.
Reş 10Erbet adam muny görüp, gazaba münýär,
Şin dişini gyjaýar we ruhdan düşýär;
Taw erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.
Copyright information for TukLat16