Psalms 121
Dawudyň zyýarat nagmasy
1Maňa «Rebbiň öýüne gideli»diýenlerinde begendim.
2Eý, Iýerusalim!
derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!
3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
4 Ysraýyla berlen kanuna görä,
tireler, Reb tireleri
ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.
5Ol ýerde kazylyk tagty –
Dawut öýüniň tagty bina edilen.
6– 7«Seni söýýänler aman ýaşasyn!
Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun,
gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!»
diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin
doga-dilegler ediň.
8Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna,
«Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
9Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna
seniň amanlygyň üçin doga edýärin.
Copyright information for
TukLat16