Psalms 138
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!2Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň,
pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.
3Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň,
meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
4Heniz agzymdan bir söz çykmanka,
ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.
5Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň,
Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.
6Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp,
ol belent, men ony aňyp bilemok.
7Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?!
Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!
8Göklere galsam, ol ýerde Sen bar!
Ölüler dünýäsine insem,
ol ýerde Sen bar!
9Säheriň ganatlaryna münüp,
deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,
10hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa.
Seniň goluň meni söýgetlär.
11Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin,
meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».
12Seniň üçin tümlük garaňky däldir!
Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr,
Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.
13Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň,
enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.
14Men Saňa öwgi aýdýaryn,
çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň.
Ajaýypdyr Seniň işleriň,
muny juda oňat bilýändir kalbym.
15Pynhanlykda ýaradylan mahalym,
ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym,
Senden gizlin däldi meniň süňklerim.
16Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi,
maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä,
olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.
17Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz!
Olaryň san-sajagy ýok!
18Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp,
olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.
19Eý, Hudaý, erbet adamlary Sen ýok etsediň!
Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!
20Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär,
duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.
21Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin,
Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.
22Olary bütinleý men ýigrenýärin,
men olary duşman saýýaryn.
23Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil!
meni syna-da, pikirlerimi bil!
24Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn,
ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.
Copyright information for
TukLat16