Psalms 14
1 Dawudyň mezmuryÝa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär?
Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?
2Kämil gezýän, dogry iş edýän,
hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,
3dili bilen myjabat ýöňkemeýän,
ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän,
ýakyny barada gybat etmeýän;
4onuň nazarynda ret edilen ýigrenji,
emma sylaýandyr Rebden gorkýany;
eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;
5öz puluny göterimine bermeýän,
ýazyksyza garşy para almaýan.
Şeýle ynsan asla yranmaz.
Copyright information for
TukLat16