Psalms 141
Dawudyň maskili, gowakdaka aýdan dogasy
1Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin,gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
2Onuň öňüne arz-halymy dökýärin,
Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.
3 Ruhum tapdan düşen mahaly,
Sen bilýänsiň meniň ýolumy!
Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.
4Sagyma bak-da, gör:
hiç kim maňa hormat goýmaýar,
maňa indi gaçalga-da ýok,
hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.
5Ýa Reb, Saňa perýat edýärin,
diýýärin: «Sen – meniň penam,
diriler diýarynda – meniň nesibäm».
6Meniň perýadyma dykgat ber,
çünki gaty peselendirin.
Aňtaýanlardan meni halas et,
çünki olar menden güýçlüdir!
7Zyndandan azat et meni,
adyňa şükür edeýin!
Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin,
dogrular meni gurşarlar.
Copyright information for
TukLat16