Psalms 18
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.2Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär,
gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
3Gün söz sözleýär ertirki güne,
gije bilim berýär indiki gijä.
4Ne gep bar, ne-de bir gürrüň,
eşidilmeýär sesi olaryň.
5Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy ▼
▼Owaz – käbir golýazmalarda hatar.
,dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri.
Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
6Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar,
ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
7Gökler gözýetiminden onuň çykyşy,
beýleki gözýetimine onuň aýlawy,
hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
8 Rebbiň kanuny kämildir,
ol jany täzeleýär.
Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr,
ol akmagy akyldar edýär.
9Rebbiň buýruklary dogrudyr,
olar ýüregi şatlandyrýar.
Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr,
olar gözleri nurlandyrýar.
10Rebden gorkmak päkdir,
ýaşaýar ol ebedi.
Rebbiň kararlary ygtybarlydyr,
adyldyr olaryň bary.
11Arzuwlydyr olar altyndan,
hatda sap altynyň köplüginden-de;
süýjüdir olar ary balyndan,
aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
12Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly;
olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
13Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär?
Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
14Öz bendäňi gora betpällik günälerinden,
olar höküm sürmesin meniň üstümden;
men aýypsyz bolaryn şonda,
päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
15Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri
goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin,
ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.
Copyright information for
TukLat16