‏ Psalms 21

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Daňdan peýda bolýan sugunyna». Dawudyň mezmury.
2Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň?
Näme üçin halas ederden,
perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?
3Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň,
gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.
4Ýöne welin mukaddessiň Sen!
Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
5Saňa bil bagladylar atalarymyz;
ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.
6Olar Saňa perýat edip, halas boldular;
Saňa bil bagladylar,
baglan umydynda aldanmadylar.
7Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin:
ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni.
8Meni görýänleriň bary üstümden gülýär,
başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar:
9«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin,
ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»
10Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran,
enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.
11Dünýä inäýemde Saňa atyldym,
Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.
12Menden daşlaşma Sen,
çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.
13Birentek öküzler meni gurşady,
güýçli Başan öküzleri meni gabady;
14olar maňa açýarlar agyzlaryny
parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly.
15Men suw kimin döküldim,
bogun-bogun söküldi ähli süňklerim,
mum kimin meniň ýüregim
gursagymda pagyş-para eredi.
16Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady,
dilim-de kentlewügime ýapyşdy,
çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň.
17Itler meniň daşymy aldy,
betkärler topary meni gurşady,
el-aýaklarymy parran deşdiler.
18Ähli süňklerimi sanaýmalydyr,
olar maňa seredip, tomaşa edýär.
19Özara paýlaşýarlar geýimlerimi,
eginbaşym üçin bije atýarlar.
20Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma,
eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma.
21Gylyçdan halas et meniň janymy,
itiň penjesinden – meniň ömrümi.
22Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň,
gutar meni arslanlaryň agzyndan.
23Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin,
jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn.
24Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň!
Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň!
Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň!
25Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady,
ony ýigrenç saýmady,
Öz ýüzüni ondan kese sowmady,
gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi.
26Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym;
Rebden gorkýanlaryň öňünde
berjaý ederin öz kasamlarym.
27Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar,
Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn!
Ýüregiňiz elmydama şat bolsun!
28Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler,
halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler.
29Çünki patyşalyk Rebbiňki,
Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi.
30Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri,
ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi,
janyny diri saklap bilmedikler-de,
Onuň öňünde tagzym ederler.
31 32Zürýatlary Oňa gulluk ederler,
Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler,
«Taňry muny berjaý etdi» diýip,
Onuň halas ediş hakykatyny
indi doguljaklara yglan ederler.
Copyright information for TukLat16