‏ Psalms 34

Dawudyň mezmury

1Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş;
meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;
2sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.
3Meni kowalaýanlara garşy
naýzaly, aýpaltaly çyk.
Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».
4Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun;
maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.
5Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun;
Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.
6Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun;
Rebbiň perişdesi olary kowsun.
7Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular;
sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.
8Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin,
gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün,
heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
9Meniň janym bolsa Rebde şat bolar;
meni halas edendigine begener.
10Şeýle diýer meniň ähli süňklerim:
«Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy?
Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden,
pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».
11Betniýet şaýatlar garşyma çykýar,
bilmeýän zadymy menden soraýar.
12Ýagşylygyma ýamanlyk edýär,
meniň janymy hossarsyz goýýar.
13Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka,
agyz bekläp, özümi pespäl tutardym;
emma jogapsyz galdy doga-dilegim.
14Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym,
ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp,
matam tutardym.
15Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar;
myjabatçylar maňa garşy toplanardylar;
agsan bolup, meni ýaňsylardylar;
meni dyngysyz parçalardylar.
16Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek,
olar maňa dişlerini gyjaýardylar.
17Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek?
Olaryň süteminden halas et meniň janymy,
arslanlardan halas et ýeke-tägimi.
18Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin,
köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.
19Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn,
Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.
20Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler,
tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy
hileli sözleri oýlap tapýarlar.
21Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar:
«Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.
22Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma!
Ýa Taňry, menden uzakda bolma.
23Meniň hakym hem dawam üçin,
gaýrata gal, oýan, eý, Hudaýym, Taňrym.
24Dogrulygyňa laýyklykda
meni akla, eý, Beýik Hudaýym;
heşelle kakmasynlar meniň üstümden.
25Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi:
biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn.
26Hasratyma şatlanýanlaryň bary
ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun;
öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary
utanç hem-de betnamlyk bolsun.
27Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp,
heşelle kaksyn,
«Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň
belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn.
28Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar
hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder.
Copyright information for TukLat16