‏ Psalms 43

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
2Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik;
atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda
olar bize Seniň edenleriň barada
gürrüň berdiler.
3 Milletleri kowup Öz eliň bilen,
Sen atalarymyza ýer berdiň.
Halklary wes-weýran edip,
Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
4Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen,
ýeňşi gazanmadylar gollary bilen –
Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny;
çünki Sen juda söýdüň olary.
5Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym.
Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
6Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen,
garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
7Men öz ýaýyma bil baglamaýan,
meni halas etmeýär meniň gylyjym.
8Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan,
Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
9Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys
Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela

10Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň,
goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
11Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen,
bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
12Bizi goýun kimin iýmäge berdiň,
Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
13Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň,
olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
14Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara,
göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
15 Milletleriň diline düşürdiň bizi,
halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
16 17Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa,
duşmandan we öç alýandan ýaňa,
uzakly gün ryswalygym garşymda,
meniň ýüzümi utanç büredi.
18Başymyza indi bularyň bary,
ýöne unudan däldiris Seni,
hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
19 20Biziň ýüregimiz Senden dänmedi,
ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady.
Sen bolsa bizi şagallar mekanynda
kül-peýekun etdiň,
ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
21Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak,
bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
22Hudaýa aýan bolmazmydy bu?
Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
23Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris,
biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
24Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň?
Galk Sen, bizi baky taşlama.
25Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň,
muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
26Biz gara ýere ýazylyp gitdik,
indi toprakdan galyp bilemzok.
27Galk-da, bize kömek et,
sadyk söýgiň hatyrasyna bizi halas et.
Copyright information for TukLat16