‏ Psalms 56

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.
2Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et,
çünki meniň janym Saňa sygynýar.
Men bela-beter geçip gidýänçä,
Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
3Men çagyraryn Beýik Hudaýy –
men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
4Ol gökden kömek iberip, meni halas eder,
maňa sütem edýäni utanja goýar.
Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
5Men arslanlaryň arasynda,
wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn;
olaryň dişleri naýza, ok ýaly,
kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
6Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
7Olar ädimlerime duzak gurdular –
gaýgydan ýaňa bilim büküldi.
Olar öňümde çukur gazdylar –
ýöne özleri oňa düşdüler.
8Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim:
men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
9Oýan sen, eý, meniň ýüregim.
Oýanyň, arfa hem lira!
Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
10Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin.
Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
11Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär,
wepalylygyň bulutlara direýär.
12Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
Copyright information for TukLat16