Psalms 59
1–2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.
3Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň,
gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
4Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň,
ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
5Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy,
bize entediji şerap içirdiň.
6Oklardan gutulyp bileri ýaly,
Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
7Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly,
goluň bilen halas et, bize jogap ber.
8Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden:
«Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin
hem-de Sukot deresini ölçärin.
9Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki,
Efraýym – tuwulgam,
Ýahuda – patyşalyk hasam.
10 Mowap – ýuwunmak üçin legenim,
Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy.
Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
11Berk gala kim meni elter?
Meni Edoma kim alyp gider?
12Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi?
Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
13Duşmanlarymyza garşy bize kömek et,
sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
14Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys,
duşmanlarymyzy depelejek Oldur.
Copyright information for
TukLat16