Psalms 60
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.2Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy
hem-de diňle meniň dogamy.
3Meniň kalbym gam laýyna batanda,
Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan;
çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
4Çünki Sen meniň penamsyň,
duşmana garşy mäkäm galamsyň.
5Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn,
ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
6Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň,
Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy
Sen maňa berdiň.
7Şa ömrüniň günlerine günler goş,
günlerini uzalt nesilden-nesle!
8Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn,
söýgi bilen wepadarlyk ber,
goý, olar ony gorasyn!
9Kasamlarymy günde berjaý ederin,
Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.
Copyright information for
TukLat16