Psalms 63
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.2Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit,
duşman wehiminden janymy gora.
3Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden
hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.
4– 5Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär;
bigünäni bukudan atmakçy bolup,
ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;
duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
6Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär,
gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär,
«Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.
7Olar jenaýat etmegi niýet edinýär,
olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük,
ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip,
biri-birine aýdýar.
8Emma Hudaý olara peýkamyn atar,
olar duýdansyz ýaralanar.
9Öz dilleri olaryň başyna ýeter,
olary görenleriň bary hopugyp gaçar.
10Ähli ynsanlar gorka düşerler,
olar Hudaýyň işini beýan ederler;
Onuň edeni barada pikir ederler.
11Dogry adam Rebde şatlansyn,
goý, ol Rebbi özüne pena edinsin;
ýüregi dogrularyň bary magtansyn.
Copyright information for
TukLat16