‏ Psalms 72

ÜÇÜNJI KITAP

(72–88‑nji mezmurlar)

Asafyň mezmury

1Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla
ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.
2Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym,
tas taýypdy meniň gadamlarym.
3Çünki tekepbirlere göriplik etdim:
olar erbetlik edýän-de bolsa,
abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.
4Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär,
olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.
5Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär,
beýlekiler ýaly kynçylyga
duçar bolmaýar.
6Şoňa görä tekepbirlikleri
boýunlaryny monjuk kimin bezeýär,
zulum olary eginbaş kimin büreýär.
7Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi,
göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.
8Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär,
gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.
9Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär,
dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.
10Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär,
olaryň gepine gulak gabardýar.
11Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä?
Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»
12Ine, tekepbirler şeýle gürleýär;
olar elmydama gaýgysyz-gamsyz,
öz baýlygyny artdyrýandyrlar.
13Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn,
günä etmekden saklanypdyryn.
14Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum,
her säherde men ejir çekdim.
15«Men hem şolar ýaly gürlejek»
diýen bolsadym,
onda Hudaýyň halkynyň öňünde
dönük bolardym.
16 17Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym,
emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm,
bu maňa juda kyn bolup göründi.
Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
18Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary,
harabalyga düşer ýaly etdiň olary.
19Olar bir salymda wes-weýran boldy,
wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
20Eý, Taňry Sen peýda bolan wagtyňda,
düýş görüp oýanylan pursatdaky deý,
puja çykararsyň hyýallaryny.
21Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda,
ýüregim sanjym-sanjym bolanda,
22 nadan bolup, düşünmändirin,
haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.
23Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin,
Sen tutýarsyň meni golumdan.
24Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň,
soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.
25Meniň göklerde Senden başga kimim bar?
Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.
26Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär,
ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.
27Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider,
Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.
28Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr.
Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim;
men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.
Copyright information for TukLat16