‏ Psalms 77

Asafyň maskili

1Eý, halkym, taglymatyma dykgat ber,
meniň sözlerime gulak goý.
2Men size tymsal aýdyp bereýin,
gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.
3Eşiden we bilen zatlarymyzy,
atalarymyzyň bize aýdanlaryny.
4Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz;
Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny,
Onuň görkezen gudratlaryny,
geljek nesle yglan ederis.

5 6 7 8Geljek nesliň,
indi doguljaklaryň bileri ýaly,
olaryň hem öz nobatynda
çagalaryna aýdary ýaly,
umytlaryny Hudaýa baglary ýaly,
Hudaýyň edenlerini unutman,
Onuň parzlaryny saklary ýaly,
ýürekleri Hudaýa wepa bermedik,
ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý
dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly,
Ol Ýakubyň nesline –
Ysraýyl halkyna kanuny berdi.
Perzentlerine ony öwretmekligi
ata-babalarymyza Ol emr etdi.

9Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli,
söweş gününde ökje göterdi.
10Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar,
Onuň kanunyna görä ýöremekden
ýüz döndürdiler.
11Unutdylar Onuň işlerini,
olara görkezen gudratlaryny.
12Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde,
atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi.
13Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi,
suwlary bir üýşmek kimin duruzdy.
14Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen,
bütin gije – oduň ýagtysy bilen.
15Ol çölde gaýany ýardy,
çuňluklardan deý
olary bolelin suwdan gandyrdy.
16Ol gaýadan suwlar çogdurdy,
suwlary derýalar kimin akdyrdy.
17Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi,
çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi,
dowam etdiler.
18Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp,
öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.
19Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler:
«Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?
20Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy,
akarlary dolup-daşdyrdy,
emma Öz halkyna çörek berip bilermi?
Ony et bilen üpjün edip bilermi?»
21Reb muny eşidende dergazap boldy,
Ýakup halkyna garşy ýalyn tutaşdy,
Ysraýyl halkyna gazaby ör boýuna galdy.
22Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi,
Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady.
23Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy,
gökleriň gapylaryny açyp goýberdi.
24Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy,
olara gökleriň gallasyny iberdi.
25Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi,
Ol olara bolelin iýmit iberdi.
26Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi,
kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi.
27Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin,
ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin.
28Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna,
mesgenleriniň daş-töweregine.
29Olar gerk-gäbe iýip doýdular,
sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi.
30Emma heniz isleglerinden el götermänkä,
iýmitleri heniz agyzlaryndaka,
31Hudaýyň gazaby olaryň üstünden indi.
Ol olaryň iň daýawlaryny öldürdi,
Ysraýylyň nowjuwanlaryny ýere gaplady.
32Emma şonda-da günälerini dowam etdiler,
Onuň gudratlaryna ynanmadylar.
33Şoňa görä, olaryň günlerini puja çykardy,
ýyllaryny howp-hatara gaplady.
34Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar,
toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler.
35Olar Hudaýyň özleriniň gaýasydygyny
Beýik Hudaýyň özleriniň Penakäridigini
ýatlaýardylar.
36Olar agyzlary bilen Oňa ýaranýardylar,
emma dilleri bilen ýalan sözleýärdiler.
37Ýürekleri bolsa Oňa sadyk däldiler,
olar Onuň ähtine biwepadylar.
38Ýöne rehim-şepagat edip,
olaryň günäsini Ol bagyşlady,
olary heläk etmedi,
gaharyny köp gezek olardan sowdy,
bütin gazabyny oýandyrmady.
39Onuň ýadyndady olaryň bir ynsandygy,
geçip gidýän we dolanmaýan bir şemaldygy.
40Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar,
sährada Ony gamlandyrdylar!
41Hudaýy öwran-öwran synap gördüler,
Ysraýylyň Mukaddesini öjükdirdiler.
42Ýatlamadylar Onuň güýjüni,
olary duşmandan azat eden gününi.
43Müsürde görkezen alamatlaryny,
Zogan düzündäki gudratlaryny:
44olar derýalaryndan içmesin diýip,
Ol akarlaryny gana öwürdi.
45Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip,
üstlerine siňek sürüsini iberdi.
Olary başagaý etsinler diýip,
gurbagalar iberdi.
46Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny,
ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini.
47Doly bilen weýran etdi üzümlerini,
çabga bilen – injir agaçlaryny.
48Dola berdi mal-garalaryny,
ýyldyrymlara – sürülerini.
49Olaryň üstlerine iberdi,
Öz gaharynyň howruny,
gazaby, dergazaby hem-de belany –
gyrýan perişdeleriň bir toparyny.
50Ol ýol berdi Öz gazabyna:
ölümden goramady olaň janyny,
mergä berdi ömürlerini.
51Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary –
Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary.
52Öz halkyny bolsa goýunlar kimin ýola rowana etdi,
çölde olary bir süri kimin Ol ugrukdyrdy.
53Olary howp-hatardan gorap äkitdi,
eýmenmediler,
duşmanlaryny bolsa deňiz ýuwutdy.
54Getirdi olary Öz mukaddes ýurduna –
eliniň ýeňip alan dagyna.
55 Milletleri olaryň öňünden kowdy,
çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy,
mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi.
56Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar,
Oňa garşy baş galdyrýardylar,
parzlaryny berjaý etmeýärdiler.
57Dänip, atalary dek biwepadylar,
ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar.
58Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen,
gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen.
59Hudaý eşidip, gazaba mündi,
Ysraýyly büs-bütinleý ret etdi.
60Ynsanlar arasyndaky mesgeni bolan
Şilodaky çadyryny terk etdi,
61Ýesirlige berdi Äht sandygyny,
duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny.
62Öz halkyny gylyja berdi,
Öz saýlan halkyna dergazap boldy.
63Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy,
gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy.
64 Ruhanylary gylyçdan öldi,
olaryň dul hatynlary ýas tutup bilmedi.
65Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin,
şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin.
66Ol duşmanlaryna ökje götertdi,
olary baky ryswalyga sezewar etdi.
67Ol Ýusubyň çadyryny ret etdi,
Efraýymyň tiresini saýlamady-da,
68saýlap aldy Ýahuda tiresini –
Özüniň söýen Sion dagyny.
69 Mukaddes öýüni Ol bina etdi,
belent gökler deý,
ebedilik berkarar eden dünýäsi kimin.
70Öz bendesi Dawudy saýlap,
ony goýun agylyndan Ol aldy.
71Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla –
Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin,
guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy.
72 Dawut päk ýürek bilen olary bakdy,
olary ökde elleri bilen ol ugrukdyrdy.
Copyright information for TukLat16