Psalms 79
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.2Eý, Ysraýyl Çopany,
Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý!
Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
3Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşaň öňünde;
güýjüňi oýar, gel-de halas et.
4Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt,
ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
5Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!
Öz halkyň doga-dileglerine
Sen haçana dek boljak gaharly?
6Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň,
gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
7Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler,
duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
8Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý!
Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
9Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň,
milletleri kowup, ony oturtdyň.
10Sen onuň üçin taýýarladyň topragy,
ol kök urup, doldurdy ýurdy.
11Daglar bürendi onuň saýasyna,
äpet kedr daragty – şahalaryna.
12Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny,
derýa çenli – öz pudaklaryny.
13Emma her ötegçiniň
onuň miwesini ýolup bileri ýaly,
Sen onuň haýatlaryny
näme üçin weýran eýlediň?
14Tokaý ýekegapany ony dagadýar,
meýdan jandarlary ony gemirýär.
15Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý!
Göklerden sal Sen nazary,
gör bu üzüm bagyny –
16eliň oturdan bu nahalyny,
Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
17Olar ony otda ýakdylar,
ony çapdylar.
Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan
ýitip gitsinler.
18Emma kömek et sagyňdaky ynsana
Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
19Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan;
bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
20Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!
Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
Copyright information for
TukLat16