Psalms 85
Dawudyň dogasy
1Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber,çünki men garyp we mätäçdirin.
2Janymy gora, men Saňa sadyk,
Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle;
meniň Hudaýym Sensiň.
3Ýa Taňry, maňa merhemet eýle,
men uzakly gün Saňa perýat edýärin.
4Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny,
çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.
5Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli,
Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň
sadyk söýgiňi.
6Ýa Reb, gulak goý meniň dogama,
dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.
7Muşakgatly günümde çagyrýan Seni,
çünki Sen berersiň maňa jogaby.
8Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur,
Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
9Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip,
Seniň gaşyňda sežde ederler,
Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
10Çünki Sen beýiksiň,
ajaýyp işleri edýän hem Sensiň,
diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
11Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly,
maňa öwret Sen Öz ýoluňy.
Seniň adyňdan gorkarym ýaly,
Özüňe bagla meniň ýüregimi.
12Ýa Taňry, meniň Hudaýym,
tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin,
Seniň adyňy elmydama taryp ederin.
13Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir,
Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
14Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar,
zalymlar topary meni öldürjek bolýar,
olar Sen barada hiç oýlanmaýar.
15Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň,
Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý.
16Maňa nazar sal-da, merhemet eýle,
gujur-gaýratyňdan ber Öz bendäňe,
keniziňiň ogluny Sen halas eýle.
17Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez,
meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn.
Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň,
Sen maňa göwünlik berdiň.
Copyright information for
TukLat16