‏ Psalms 9

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende. Dawudyň mezmury.
Alef 2Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin;
Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
3Sende begenerin, joşa gelerin,
adyňy taryplap, nagma aýdaryn,
ýa Beýik Hudaý!
Bet 4Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende,
büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
5Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy,
Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.
Gimel 6 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri,
ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
7Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman,
şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan,
olary ýatlamadan galmady nyşan.
Dalet (He) 8Ýöne Reb baky höküm sürýändir;
Ol adalatly höküm çykarmak üçin,
Öz tagtyny berkarar etdi.
9Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär,
halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.
Waw 10Reb berkitme bolar ezilýänlere,
berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
11Adyňy bilýänler Saňa bil baglar,
çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary
terk eden dälsiň.
Zaýin 12 Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň,
halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.
13Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar,
olary Öz hakydasynda saklaýar;
ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.
Ḥet 14 15Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly,
Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän.
Sion gyzynyň
Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
derwezelerinde
Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.
Ṭet 16 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy,
gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
17Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy –
erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela
Ýod 18 Ölüler dünýäsine düşer erbetler
we Hudaýy unudan ähli milletler.
Kaf 19Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl,
garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
20Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn,
milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
21Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny,
bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela
Lamed 22Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň?
Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
23Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby;
goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi.
Nun 24Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar,
açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
25Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar,
pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
26Elmydama üstünlikli bolýar olaryň ýoly,
(Mem) göz ýetirerlerinden Seniň hökümleriň ýokary.
Olar ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
27Ýüreginde diýýärler: «Bizi hiç zat sarsdyrmaz,
nesillerden-nesle ýüzümiz ýamanlyk görmez».
Pe 28Olaryň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly,
dilleriniň astynda zyýan, etmiş bar.
Ğaýin 29Obalaryň ýanynda bukuda olar oturýar,
bigünäni gizlin ýerde öldürýär;
göz astyna alyp, ejizi olar aňtaýar;
30şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär,
garyby garbamaga buky ýerde garaşýar;
duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär.
31Olar egilýär we ýapyrylýar,
ejiz-de olaryň goluna düşýär.
32Olar ýüreginde şeýle oýlaýar:
«Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy,
Ol asla görmeýär muny».
Ķof 33Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi,
ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
34Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär?
ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär?
Reş 35Emma salýarsyň-a Sen nazary!
Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly,
dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti.
Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni;
ýetimiň hossary Sensiň.
Şin 36Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny,
erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
37Reb ebedi hem-de baky Patyşa,
Onuň ýurdundan ýiter milletler.
Taw 38 39Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň,
olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň,
ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin
gulak goýarsyň;
asly toprakdan bolan ynsandan
mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.
Copyright information for TukLat16