Revelation of John 10
Perişde we kitapça
1Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy. 2Elinde açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňze, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy-da, 3arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi. 4Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim. 5Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini göge galdyrdy. 6Ol gögi we gökdäkileri, ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, baky ýaşaýan Hudaýyň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz! 7Ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak güni Hudaý Öz pygamber gullaryna yglan edişi ýaly, Onuň syry amala aşar». 8Soňra gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip, maňa: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi. 9Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol hem maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi. 10Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, emma ony iýenimden soň, içim ajady. 11Onsoň ol maňa: «Sen ýene-de köp halklar, milletler, diller we patyşalar hakda pygamberlik etmelisiň» diýdi.
Copyright information for
TukLat16