Revelation of John 11
Iki şaýat
1Maňa bir ölçeg taýagy berlip, şeýle diýildi: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk sypasyny ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana. 2Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär. 3Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler. 4Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki çyradan, ine, şulardyr. 5Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir. 6Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr. 7Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer. 8Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ýa-da „Müsür“diýip atlandyrýardylar. 9Her halkdan, tireden, dilden we milletden bolan adamlar üç ýarym günläp olaryň jesetlerine tomaşa ederler we jaýlamaga rugsat bermezler. 10Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi». 11Emma üç ýarym günden Hudaýyň dirilik demi olaryň bedenine girip, olar aýaga galdylar. Muny görenleri howsala gaplap aldy. 12Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar. 13Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar. 14Ikinji bela hem geçdi. Ine, basym, üçünji bela ýetip gelýär!Ýedinji surnaý çalynýar
15Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr.Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.
16Hudaýyň öňünde tagtlarynda oturan ýigrimi dört ýaşuly Onuň öňünde ýüzin düşdi-de, Oňa sežde edip, 17şeýle diýdi: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý!
Sen häzir bar, geçmişde-de bolduň ▼
▼Käbir golýazmalarda we geljekde boljaksyň diýen jümle hem bar.
.Biz Saňa şükür edýäris.
Çünki Sen beýik gudratyňa beslenip,
şalyk sürüp başladyň.
18 Milletler Saňa gaharlandylar.
Indi Sen hem gazaba mündüň.
Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi.
Seniň gullaryň bolan pygamberleri,
Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny
sylaglamagyň wagty geldi.
Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».
19Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.
Copyright information for
TukLat16