Revelation of John 14
Guzy we 144000 adam
1Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy. 2Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi. 3Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi. 4Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi. 5Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, olar müýnsüzdirler ▼▼Olar müýnsüzdirler – käbir golýazmalarda olar Hudaýyň tagtynyň öňünde müýnsüzdirler.
. Üç perişde
6Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi. 7Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!» 8Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi». 9Olaryň yzyndan uçup gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kimde-kim jandara we onuň heýkeline sežde etse, maňlaýyna ýa-da eline onuň tagmasyny basdyrsa, 10Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar. 11Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar». 12Şoňa görä-de, Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa Mesihe sadyk bolup galýanlar gaýratly bolmalydyr. 13Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».Ýeriň hasyly orulýar
14Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy. 15Ybadathanadan çykan başga bir perişde buludyň üstünde Oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy işlet-de, or! Orak wagty ýetip geldi, sebäbi ýeriň hasyly ýetişdi». 16Buludyň üstünde Oturan oragyny ýer ýüzünde işletdi. Şeýdip, ýeriň hem hasyly oruldy. 17Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň hem ötgür oragy bardy. 18Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir». 19Perişde oragyny ýeriň ýüzünde işletdi-de, ondaky üzüm salkymlaryny ýygyp, Hudaýyň üzüm sykýan uly gahar-gazap çukuryna taşlady. 20Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym ▼▼Üç ýüz çakrym – grekçe 1600 stadios. Bu takm. 300 kilometre deňdir.
aralyga ýaýrady.
Copyright information for
TukLat16