Revelation of John 15
Ýedi perişde we ýedi bela
1Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar. 2Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini ▼▼Käbir golýazmalarda onuň tagmasyny diýen sözler hem bar.
, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy. 3Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý!Seniň işleriň beýik, täsindir.
Eý, milletleriň Şasy ▼
▼Milletleriň Şasy – käbir golýazmalarda Öz halkynyň Şasy.
!Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.
4Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy?
Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň!
Ähli milletler huzuryňa gelerler,
olar Saňa sežde ederler.
Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».
5Mundan soň gökdäki ybadathananyň, ýagny äht çadyrynyň açylanyny gördüm. 6Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy. 7Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi. 8Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.
Copyright information for
TukLat16