‏ Revelation of John 16

Hudaýyň gazaby we ýedi käse

1Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim. 2Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy. 3Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana öwrüldi-de, ondaky janly-jandaryň ählisi gyryldy. 4Üçünji perişde käsesini derýalara, suw gözbaşlaryna dökdi. Olar-da gana öwrüldi. 5Men suwlara gözegçilik edýän perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Eý, häzir bar we geçmişde bolan Mukaddes Hudaý! Sen şu hökümi çykarmak bilen adalatlydygyňy aýan etdiň. 6Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»

7Men gurbanlyk sypasyndan bir sesiň: «Hawa, Reb Hökmürowan Hudaý, Seniň hökümleriň hakdyr, adyldyr» diýip jogap berenini eşitdim.

8Dördünji perişde käsesini Güne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-köýdürmeklik güýji berildi. 9Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar. 10Bäşinji perişde käsesini jandaryň tagtyna dökdi. Jandaryň patyşalygy tümlüge gaplandy. Ynsanlar çekýän ejirlerinden ýaňa dillerini dişlediler. 11Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar. 12Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady. 13Onsoň aždarhanyň, jandaryň we galp pygamberiň agyzlaryndan gurbaga meňzeş üç erbet ruhuň çykanyny gördüm. 14Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.

15«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»

16Onsoň erbet ruhlar patyşalary ýewreýçe «Armageddon» diýilýän ýere üýşürdiler. 17Ýedinji perişde käsesini howa serpip goýberdi. Ybadathanadaky
Ybadathanadaky – käbir golýazmalarda gökdäki ybadathanadaky.
tagtdan: «Amala aşdy!» diýen batly bir ses eşidildi.
18Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy. 19Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi. 20Adalaryň ählisi ýitirim boldy, daglar gözden gaýyp boldy. 21Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.
Copyright information for TukLat16