Revelation of John 21
Täze Iýerusalim
1Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy. 2Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi. 3 aMen tagtdan ▼▼Tagtdan – käbir golýazmalarda gökden.
batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar. 4Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi». 5Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi. 6Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega ▼▼Alfa we Omega – Alfa grek elipbiýiniň birinji, Omega bolsa iň soňky harpy.
, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin. 7Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar. 8Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur». 9Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi. 10Perişde meni Mukaddes Ruh arkaly bir uly, beýik daga çykardy. Ol ýerden maňa gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýän mukaddes şäheri – Iýerusalimi görkezdi ▼▼Mukaddes şäheri – Iýerusalimi görkezdi – bu jümle käbir golýazmalarda beýik şäheri, mukaddes Iýerusalimi görkezdi diýip duş gelýär.
. 11Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy. 12Şäheriň uly we belent diwarlary, on iki derwezesi bardy. Her derwezäniň agzynda bir perişde bardy. Derwezelere ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ady ýazylgydy. 13Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy. 14Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy. 15Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy. 16Şäher dörtburçluk şekilinde bolup, onuň boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi. Şäheriň boýy iki müň iki ýüz çakrym ▼▼Iki müň iki ýüz çakrym – grekçe 12000 stadios. Bu takm. 2200 kilometre deňdir.
bolup çykdy. Onuň ini, beýikligi hem boýy ýalydy. 17Perişde şäheriň diwaryny-da ölçedi. Diwaryň beýikligi ▼▼Beýikligi – ýa-da galyňlygy.
ýüz kyrk dört tirsek çykdy. Perişde bulary ölçände, ynsanlaryň ulanýan ölçegini ulandy. 18Diwar ýaşma daşyndan gurlupdy. Şäheriň özi bolsa tegmiltsiz aýna ýaly sap altyndan bina edilipdi. 19Şäher diwarynyň binýatlary her dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. Birinji binýady ýaşma daşy bilen bezelendi, ikinjisi goýy reňkli pöwrize daşy, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, 20bäşinjisi sardoniks, altynjysy gyrmyzy sardoniks, ýedinjisi altyn-sary daş, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy goýy sary daş, onunjysy pöwrize, on birinjisi mämişi reňkli daş, on ikinjisi benewşe reňkli gymmatbaha daşlary bilen bezelendi. 21On iki derweze on iki dürden, ýagny her derweze bütewi bir dürden ýasalandy. Şäheriň şaýoly sap altyndan bolup, aýna ýaly ýalpyldaýardy. 22Men bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki Hökmürowan Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr. 23Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr. 24Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler. 25Şäheriň derwezeleri uzakly gün açyk bolar, olar gulplanmaz, sebäbi ol ýerde gije bolmaz. 26Milletler bu şähere öz şan-şöhratlaryny getirip, Hudaýa we Guza hormat bildirerler. 27Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.
Copyright information for
TukLat16