Revelation of John 5
Düýrlenen kagyz we Guzy
1Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi. 2Soňra güýçli bir perişdäni gördüm. Ol batly sesi bilen: «Düýrlenen kagyzyň möhürlerini döwmäge ▼▼Möhürlerini döwmäge – gadymy döwürlerde haty sürgüç bilen möhürleýärdiler.
, ony açmaga kim mynasyp?» diýip soraýardy. 3Emma düýrlenen kagyzy açyp, oňa seredip biljek adam ne gökde, ne ýerde, ne-de ýeriň astynda bardy. 4Men ajy gözýaş döküp agladym, sebäbi düýrlenen kagyzy açyp, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady. 5Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar». 6Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr. 7Guzy geldi-de, tagtda Oturanyň sag elinden düýrlenen kagyzy aldy. 8Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir. 9Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga,hem-de onuň möhürlerini döwmäge.
Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen,
her tireden, her dilden,
her halkdan hem-de milletden
Hudaý üçin adamlary ▼
▼Adamlary – käbir golýazmalarda bizi.
satyn alansyň.10Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň,
olar ýer ýüzünde şalyk sürerler ▼
▼Olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler – bu jümle käbir golýazmalarda bizi ruhany bellediň, biz ýer ýüzünde şalyk süreris diýip duş gelýär.
!11Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi. 12Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy
güýji hem-de baýlygy,
paýhasy hem gudraty,
hormaty hem şöhraty
öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.
13Onsoň gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her bir mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Tagtda Oturana we Guza
baky öwgüler bolsun!
Hormat, şöhrat we gudrat
Olara baky ýar bolsun!» diýýänlerini eşitdim.
14Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler ▼
▼Sežde edýärdiler – käbir golýazmalarda baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler.
.
Copyright information for
TukLat16