Revelation of John 8
Ýedinji möhür
1Guzy ýedinji möhüri döwende, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy. 2Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi. 3Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi. 4Hudaýyň halkynyň doga-dilegleri bilen birlikde ýakymly ysly tütetginiň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna tarap ýokary göterildi. 5Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.Ýedi surnaý
6Onsoň ýedi perişdäniň hersi elindäki surnaýy çalmaga taýýarlandylar. 7Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri ▼▼Ýeriň üçden biri – bu sözler käbir golýazmalarda ýok.
, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi. 8Ikinji perişde surnaýyny çaldy. Şonda alawlap ýanýan äpet dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň suwunyň üçden biri gana öwrülip, 9onda ýaşaýan janly-jandarlaryň üçden biri gyryldy, gämileriň üçden biri heläk boldy. 10Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Gökden alawlap ýanýan ot ýaly äpet bir ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw gözbaşlaryna gaçdy. 11Ol ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ajady. Ajy suwdan içen adamlaryň ençemesi öldi. 12Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy. 13Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi ▼▼Bürgüdi – käbir golýazmalarda perişdäni.
gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»
Copyright information for
TukLat16