Romans 1
Salamlar
1 Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam! 2Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Öz pygamberleri arkaly bu Hoş Habary wada berdi. 3Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly ▼▼Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi. 4Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy. 5Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi. 6Siz hem Isa Mesihe degişli bolmaga çagyrylan şol milletleriň arasyndasyňyz. 7Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Pawlus Rimdäki doganlary görmegi küýseýär
8Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady. 9Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr. 10Hudaýyň islegine görä siziň ýanyňyza tizara baryp biler ýaly, Ondan bir ýol açmagyny hemişe soraýaryn. 11Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär. 12Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin. 13Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim. 14Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn. 15Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.Hudaýyň gahar-gazaby
16Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär. 17 bHoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr. 18Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär. 19Bu adamlara Hudaý hakda bilip bolýan zatlar mälimdir, sebäbi Hudaýyň Özi bulary olara mese-mälim etdi. 20Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur. 21Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady. 22Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular, 23baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler. 24Şonuň üçin Hudaý olary ýürekleriniň günäli höwesleriniň eden-etdiligine tabşyrdy. Şu sebäpden olar biri-biriniň bedenlerini haýasyz işleri bilen wejera etdiler. 25Olar Hudaý baradaky hakykaty galp zatlara çalyşdylar. Ýaradana däl-de, ýaradylan zatlara sežde we hyzmat etdiler. Emma baky şöhrata diňe Ýaradan mynasypdyr. Omyn! 26Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar. 27Şonuň ýaly, erkekler hem aýal bilen jyns gatnaşygyny terk edip, biri-birine bolan meýil heserine ýanýarlar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynlyklaryna laýyk jeza alýarlar. 28Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi. 29Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan ▼▼Käbir golýazmalarda zynadan diýen söz hem bar.
, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi, 30töhmetçi, tekepbir, öwünjeň bolup, Hudaýy ýigrenýärler, ýamanlyk etmegiň her tüýsli ýollaryny tapýarlar, ata-enelerine gulak asmaýarlar. 31Olar doňýürek, pähimsiz, ähtiýalan we rehimsizdir. 32Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.
Copyright information for
TukLat16