‏ Romans 10

1Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin. 2Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok. 3Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar. 4Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr. 5 aKanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar». 6 7 bImana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama». 8 cŞeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr. 9Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň. 10Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar. 11 dMukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir. 12Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. 13 eÇünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar». 14Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?! 15 fEger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!». 16 gÝöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar. 17Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir. 18 hÝöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy,
dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».

19 iIndi şuny hem soraýyn: ýa ysraýyl halky düşünmedimikä? Elbetde düşündi, sebäbi Hudaý Musa arkaly olara: «Men hem millet bolmadyklar bilen seni gabandyraryn,
akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin»

diýipdi.
20 jIşaýa hem: «Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar,
Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim»

diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.

21Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.
Copyright information for TukLat16