Romans 14
Doganyňy ýazgarma
1Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň. 2Mysal üçin, käbirleriň imany hemme zady iýmäge ygtyýar etse, käbirleriňki diňe gök önümleri iýmäge ygtyýar edýändir. 3Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir. 4Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr. 5Käbir adamlar bir güni beýleki günlerden has wajyp saýýandyr, käbirleri bolsa hemme günleri deň görýändir. Goý, mundan beýlägem her kim öz ynanjyna görä pikir edibersin. 6Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir. 7Hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç birimiz özümiz üçin ölýän däldiris. 8Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris. 9Sebäbi Isa Mesih ölüleriň-de, dirileriň-de Rebbi bolmak üçin ölüp, direldi. 10Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň ▼▼Hudaýyň – käbir golýazmalarda Mesihiň.
höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme? 11 bÇünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin,her kes öňümde dyz eper,
her bir dil Meni alkyşlar“diýýär».
12Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris. 13Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň. 14Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr. 15Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn. 16Şeýlelikde, ýagşy saýýan zatlaryňyz erbet gürrüňleriň döremegine sebäp bolmasyn. 17Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr. 18Kim Isa Mesihe şeýle hyzmat edýän bolsa, Hudaýy hoşnut edip, adamlaryň hormatyna mynasypdyr. 19Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň. 20Haýsydyr bir tagam zerarly Hudaýyň işini weýran etmäliň. Hemme zat tämizdir, ýöne doganynyň imanda büdremegine sebäp bolýan zady iýýän adam nädogry edýändir. 21Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr. 22Iýip-içmeklik baradaky ynançlaryňy diňe özüň we Hudaý bilsin. Öz ynanjyna görä hereket edip, öz-özüni ýazgarmaýan adam bagtlydyr. 23Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir. ▼
▼Käbir golýazmalaryň şu babynda 24‑nji aýatdan 26-njy aýada çenli hem bar. Beýleki golýazmalarda olar 16-njy bap 25‑nji aýatdan 27‑nji aýatlara çenli duş gelýär.
Copyright information for
TukLat16