Romans 3
Hudaýyň sadyklygy
1Şeýlelikde, ýahudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetiň näme peýdasy bar? 2Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi. 3Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi? 4 aAsla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň,Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
5Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä? 6Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?! 7Ýöne meniň biwepalygym arkaly Hudaýyň sadyklygy has äşgär bolup, Onuň şöhraty artýan bolsa, men bir günäli hökmünde höküm edilmelimi näme? 8Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.
Hemmeler günälidir
9Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn. 10 bMukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;11Düşünýän asla ýok,
Hudaýy agtarýan-da ýok.
12Olaryň hemmesi ýoldan çykdy,
ählisi deň derejede dereksiz boldy.
Ýagşylyk edýän ýok,
ýok ýeke biri-de.
13 cOlaryň bogazy açyk gabyrdyr,
olar aldaýandyrlar,
agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
14 dAgyzlary gargyşdan, ajy sözden doludyr.
15 eAýaklary gan dökmäge howlugýandyr.
16Ýollarynda harabalyk, jepalar bardyr.
17Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýär.
18 fOlar Hudaýdan asla gorkmaýar».
19Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir. 20Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.
Iman arkaly aklanmak
21Ýöne indi Hudaý aklanmanyň Kanuna dahylsyz ýoluny görkezdi. Bu ýol barada Töwrat we pygamberleriň ýazgylary hem şaýatlyk edýär. 22Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur, 23sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. 24Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25– 26Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär. 27Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy. 28Biz adamyň Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, iman arkaly aklanýandygyny nygtaýarys. 29Eýsem Hudaý diňe ýahudylaryň Hudaýymy? Ol başga milletleriň hem Hudaýy dälmi näme? Elbetde, Ol başga milletleriň hem Hudaýy. 30Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr. 31Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.
Copyright information for
TukLat16