‏ Romans 5

Hudaý bilen ýaraşyk

1Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk. 2Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris. 3Diňe muňa däl, eýsem muşakgatlarymyza hem begenýäris, sebäbi muşakgatlaryň çydamy, 4çydamyň erjelligi, erjelligiň hem umydy döredýändigini bilýäris. 5Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.

6Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi. 7Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal. 8Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi. 9Şoňa görä-de, Mesihiň gany bilen aklanan bolsak, Ol arkaly Hudaýyň gazabyndan gutuljagymyz hem gürrüňsizdir. 10Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir. 11Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.

Ölüm Adam atadan, ýaşaýyş Isa Mesihdendir

12Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady. 13Günä Kanun berilmänkä-de dünýäde bardy, ýöne Kanunyň bolmadyk ýerinde günä hasaba alynmaýar. 14Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi.

Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.
15Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy. 16Hawa, Hudaýyň peşgeş beren merhemeti Adam atanyň günäsi ýaly däldir. Sebäbi bir günä jezalandyrylyp, höküm edilmä sezewar etdi. Emma köp günälerden soň peşgeş berlen merhemet aklanmany getirdi. 17Çünki bir adamyň günäsi zerarly we şol adam arkaly ölüm höküm sürüp başlady. Emma Hudaýyň çäksiz merhemeti bilen aklanma peşgeşiniň bollugyny alanlaryň bary indi bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly baky ýaşaýyşda höküm sürerler. 18Şeýlelikde, bir adamyň günäsi zerarly hemmeleriň höküme duçar bolşy ýaly, bir Adamyň dogrulygy arkaly-da hemmelere ýaşaýyş berýän aklanma geldi. 19Bir adamyň bitabynlygy arkaly köp adamyň günäkär bolşy ýaly, bir Adamyň tabynlygy arkaly köp adam dogruçyl bolar. 20Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy. 21Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.
Copyright information for TukLat16