c Zeb 43:23.

‏ Romans 8

Ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh

1Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar
Käbir golýazmalarda ynsan tebigatyna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýanlar diýen jümle hem bar.
indi asla höküm edilmez.
2Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi. 3 4Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys. 5Çünki ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar bu höwesleriň oňlaýan zatlary barada pikir edýärler. Mukaddes Ruha görä ýaşaýanlar bolsa Onuň oňlaýan zatlary barada pikir edýändir. 6Ynsan höweslerinden döreýän pikirler adamy ölüme eltýär. Mukaddes Ruhdan döreýän pikirler bolsa ýaşaýyş we parahatlyk berýär. 7Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir. 8Şonuň üçin-de, ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar Hudaýyň göwnünden turup bilmez. 9Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir. 10Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz. 11Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.

12Şoňa görä-de, eý, doganlar, biz indi ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşamaga borçly däldiris. 13Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz. 14Sebäbi Mukaddes Ruha eýerýänler Hudaýyň perzentleridir. 15Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba!
Abba – arameýçe bu söz Atam diýmegi aňladýar.
Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.
16Mukaddes Ruh biziň ruhumyz bilen birlikde Hudaýyň perzentleridigimize güwä geçýär. 17Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.

Görgüler we şöhrat

18Meniň pikirimçe, şu wagtky görgülerimizi bize aýan boljak gelejekki şöhrat bilen deňeşdirip-de bolmaz. 19Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. 20 21Sebäbi ýaradylyş öz islegi boýunça däl-de, Hudaýyň islegi boýunça puçluga tabyn bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň perzentleriniň şan-şöhrata gowşan pursadynda ýaradylyş özüniň hem çüýreme näletinden azat edilip, şol şöhrata gowşaryn diýip umyt edýär. 22Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli ahy-nala çekip, burgy jebirlerini çekýändigini bilýäris. 23Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 24Biz halas edilenimiz üçin, indi bu umydymyz bardyr. Ýöne göze görnüp duran umyt asla umyt däldir. Görüp duran zadyna umyt baglaýan barmy näme? 25Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys. 26Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär. 27Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr. 28Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.

29Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi. 30Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.

Hudaýyň söýgüsi

31Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler? 32Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?! 33Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar! 34Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär. 35Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: 36 c«Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris,
damagy çalynjak goýun saýylýarys».

37Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris. 38 39Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne-de jynlaryň, ne häzirki, ne gelejekki ýagdaýlaryň, ne-de güýçleriň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň – ýaradylan zatlaryň biriniň-de bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly aýan bolan Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn.
Copyright information for TukLat16