Romans 9
Hudaýyň saýlap-seçen halky
1– 2Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr. 3– 4Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi. 5Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn! 6Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir. 7 aYbraýymyň neslinden bolanlaryň-da bary onuň hakyky perzendi däldir. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip ýazylgydyr. 8Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr. 9 bÇünki: «Bellenen wagtda dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýlip wada berlipdi. 10Mundan başga-da, Rebekanyň ekizleri Ysaw bilen Ýakuby ýatlaly. Olaryň ikisi-de bir atadan, ýagny atamyz Yshakdan doglupdy. 11– 12 cÝöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy. 13 dHawa, Mukaddes Ýazgylarda: «Men Ýakuby saýladym, emma Ysawy ret etdim» diýip ýazylgydyr. 14Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok! 15 eSebäbi Ol Musa: «Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin» diýip aýdypdy. 16Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr. 17 fHudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy. 18Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar. 19Onda menden: «Eger şeýle bolsa, onda näme üçin Hudaý adamlary ýazgarýar? Onuň islegine garşy çykyp biljek barmy?» diýip soramagyň mümkin. 20 gHeý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi? 21Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme? 22Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir! 23Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr. 24Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys. 25 hHudaý Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Meniň halkym bolmadyga „Halkym“diýerin,söýgüli bolmadyga „Söýgülim“diýerin.
26 iOlara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“diýlen ýerde,
„Siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“diýler».
27 jIşaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar. 28Çünki Reb Öz çykaran hökümini tutuş ýer ýüzünde tizara we gutarnykly amala aşyrar». ▼
▼Käbir golýazmalarda 28‑nji aýat şeýle görnüşde gelýär: Reb Öz çykaran hökümini tizara we gutarnykly dogrulyk bilen ýerine ýetirer, çünki Ol işini ýer ýüzünde tiz amala aşyrar.
29 lIşaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Rebzürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady,
Sodom ýaly bolardyk,
Gomora meňzärdik».
Ysraýylyň imansyzlygy
30Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar. 31Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady. 32Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler. 33 mHudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».
Copyright information for
TukLat16