‏ Ruth 3

Rut harmana barýar

1Gaýynenesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy! 2Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar. 3Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme. 4Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujunda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi. 5Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi. 6Şeýlelikde, harmana baryp, gaýynenesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.

7Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy. 8Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujunda bir aýal ýatyr. 9Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi. 10Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň. 11Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär. 12Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar. 13Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. 14Şeýlelikde, Rut onuň aýagujunda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi. 15Onsoň Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut şeýle hem etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.

16Rut gelende, gaýynenesi oňa: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýdi. Ol hem Bowaz bilen bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi. 17Soňra Rut: «Bowaz maňa „Gaýyneneň ýanyna eliň boş gitme“diýip, ine, şu alty galbir arpany berdi» diýdi. 18Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
Copyright information for TukLat16