‏ Song of Solomon 2

1Men Şaronyň bägüli,
dereleriň çigildemidirin.
Ýigit: 2Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym,
gyzlar içinde.
Gyz: 3Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý,
ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym.
Lezzetlidir maňa saýasy onuň,
miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4Ol meni meýlishana getirdi,
maňa söýgi meýli bardy onda.
5Kişmişler bilen meni güýçlendir,
gurplandyr almalar bilen,
çünki yşk heseri meni gaplady.
6Sol eli kellämiň astynda,
gujaklaýar meni sag eli bilen.
7Eý, Iýerusalim gyzlary,
jerenlerdir çöl marallaryndan
ant içýärin:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!

Bahar aýdymy

8Ýarymyň owazydyr bu!
Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp,
depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9Jerene,
keýik owlagyna meňzeýär dildarym.
Ine, ol howlymyzyň daşynda durup,
penjirelerden garaýar,
gözeneklerden seredýär.
10Söýgülim maňa şeýle diýdi:
«Tur, dildarym, gözelim tur,
ýör bile gideli.
11Gyş ötdi,
ýagyş-da diňdi.
12Ýerde güller açylyp,
nagma pursady geldi.
Ülkämizde gumrynyň
owazy eşidilýär.
13Injir miwesini düwýär,
üzümler gül açýar,
hoşboý ysyny saçýar.
Tur, dildarym,
gözelim, ýör bile gideli».
Ýigit: 14Gaýa gowaklaryndaky,
uçut kenardaky gögerçinim,
jemalyňy göreýin,
eşideýin seniň owazyň,
şirin owazyň,
jemalyň-da ajaýypdyr.
Gyz: 15Bize tilkileri,
üzüm baglaryny weýran edýän
tilkijikleri tutup beriň,
çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn;
sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17Daň atyp,
kölegeler ýitýänçä,
dolan yzyňa, söýgülim,
Beser daglaryndaky
Beser daglary – ýa-da beýikli-pesli daglar.
jeren deý,
keýik owlagy deý bol!
Copyright information for TukLat16