‏ Song of Solomon 3

Yşk arzuwy

1Köňül aşygymy gije
düşegimden agtardym;
gözläp tapmadym ony.
2Indi turup, şähere çykaryn,
köçelerden, meýdançalardan
köňül aşygymy agtararyn.
Gözläp tapmadym ony.
3Aýlanyp ýören,
şäher gözegçileri
duşdy maňa.
Olardan: «Köňül aşygymy
gördüňizmi?» diýip soradym.
4Olaryň deňinden geçen dessime,
köňül aşygymy tapdym men.
Ony saklap, enemiň öýüne,
meni dogranyň otagyna
getirýänçäm, goýbermedim.
5Eý, Iýerusalim gyzlary,
jerenlerdir çöl marallaryndan
ant içýärin:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!

Giýew we onuň toýy

6Tüsse sütüni deý
çölden çykyp gelýän kim?
Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen
mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.
7Ana, Süleýmanyň şa paýtuny!
Ysraýylyň altmyş gerçegidir
onuň daşynda.
8Ählisi gylyçly,
söweşe ökde;
gijäniň wehiminden
billeri gylyçlydyr.
9 Süleýman şa liwan agaçlaryndan
özüne şa paýtunyny ýasatdy:
10sütünleri kümüşden,
tirsekligi gyzyldan,
oturgyjy gyrmyzy mahmaldan.
Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen.
11Eý, Sion gyzlary
Sion gyzlary – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
,
daşa çykyň-da,
Süleýmany toý gününde,
ýürekden şat gününde
ejesiniň başyna geýdiren
täjine bakyň!
Copyright information for TukLat16